Habaryň barmy? Suratlar 18-nji apreli gürrüň berýär

SalamNews

19 Aprel, 2023

Germaniýanyň ozalky kansleri Angela Merkel bitiren asylly işleri üçin ýurduň iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy.

«Appleniň» ýerine ýetiriji direktory Tim Kuk kompaniýanyň Hindistanda ilkinji bölek satuw dükanyny açdy. Söwda nokady ýurduň ykdysady paýtagty bolan Mumbaýda ýerleşýär.

18 — 24-nji aprel aralygynda boljak howa maglumatyna görä, Oraza baýramynda Türkiýäniň ähli ýerinde ýagyşly howa garaşylýar.

Koronawirus çäklendirmeleri ýatyrylandan soňra, Hytaýyň ykdysadyýeti çalt depginde ösýär. 2023-nji ýylyň ilkinji üç aýynda Hytaýyň jemi içerki önümi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,5 göterim ösüş gazandy.

Almatydaky ýolyşyklar emeli intellekt bilen enjamlaşdyryldy. Şäherdäki 580 ýolyşygyň 98-si bu ulgamy ulanýar. Emeli intellekt çatryga barýan ulag akymyny awtomatik okaýar we iň ýokary geçişi üpjün edýär. Wagtyň geçmegi bilen ulgamy şäherdäki ähli ýolyşyklarda oturtmak meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews