BAE-niň Täze ýyla bagyşlanan feýerwergi Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi

SalamNews

2 Ýanwar, 2024

BAE-niň Ras-el-Haým emirliginiö Täze ýyl baýramyna başlanan feýerwergi Ginnesiň Rekordlar kitabyna iki dereje — «Suwdaky feýerwerkleriň iň uzyn çyzgysy» we «Asmandaky feýerwerkleriň iň uzyn çyzygysy» ugurlary boýunça girizildi.  Bu barada Ras-el-Haýmyň Syýahatçylygy ösdürmek departamentiniň habaryna salgylanýan «MIR24» habar berdi.

Bu sergi Al-Marjan emeli arhipelagy bilen Al-Hamra sebitiniň arasynda 4,5 kilometrlik kenar ýakasynda geçirildi. Suwda oturdylan feýerwerkden başga-da, aerobatiki hereketleri ýerine ýetirmek üçin müňden gowrak pirotehniki LED dron we ýeňil uçar ulanyldy.

Dronlar arkaly ýaýlyma görkezilen şekilleriň esasy temasy Ras-al-Haýma mahsus tebigy häsiýetlerden — çölden, Pars aýlagynyň kenaryndan we Hajar daglaryndan ybarat boldy. Dronlar Täze ýyl sergisi üçin ýörite ýazylan aýdym-saz bölekleriminiň ritminde hereket etdi.

Bölümiň wekiliniň aýtmagyna görä, bu çäre bary-ýogy sekiz minut dowam edip, oňa takmynan 50 müň adam tomaşa edipdir.

Ýeri gelende ýatlasak, 2022-nji ýylda emirlik «Uzakdan dolandyrylyp, bir wagtyň özünde feýerwerk goýberýän dronlaryň iň köp sanlysy» we «Uzakdan dolandyrylýan dronlar tarapyndan emele gelen asmandaky iň uly görnüş» ugurlary boýunça dünýä rekordlaryny täzeläpdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews