TSTB-niň sergisinde «Balam» hususy kärhanasy täze konditer önümlerini hödürledi

SalamNews

Şu gün — 17-nji martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli badalga alan sergä «Balam» hususy kärhanasy hem özüniň täze önümleri bilen gatnaşýar.

Hususy kärhana sergide täze «Ýürek» atly künjüli, şokoladly, gatlakly kökelerini hödürledi. Mundan başga-da, kärhananyň sergi diwarlygynda krem-şokoladly, wanil huruşly, erik, ülje, ýertudana jemli kruassanlar, dürli görnüşli süle kökeleri, datly tagamly gatlakly kökeler ýerleşdirilipdir. «Lezzet bilen taýýarlanan!» şygary bilen işleýän bu hususy kärhananyň önümleri sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. «Balam» konditer kärhanasy häzirki wagtda öz önümçiligini iki ugur — gatlakly we konditer önümleri görnüşinde alyp barýar. Öndürilýän önümler owadan gaplara gaplanyp, halkymyza elýeterli bahalarda ýetirilýär.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 6 — 10-njy fewralynda Russiýa Federasiýasynda «Iýmit önümleri, içgiler we olaryň öndürilişindäki çig mallar» ady bilen geçirilen 30-njy halkara sergide «Balam» hususy kärhanasy özüniň ýokary hilli önümleri bilen serginiň altyn medalyna we «Iň gowy önüm — 2023» atly ýokary derejeli baýraga mynasyp boldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews