Ilon Mask: Ýakyn wagtda ilkinji adama beýni çipi ýerleşdiriler

SalamNews

26 Sentýabr, 2023

Ilon Mask sosial media platformasynda eden çykyşynda ýakyn wagtda ilkinji adama beýni çipiniň (Neuralink enjamy) ýerleşdiriljekdigini habar berdi. Ol adam beýnisinde çip synaglaryna başlamagy meýilleşdirýändigi barada aýtdy.

Ilon Maska degişli bolan «Neuralink» kompaniýasy bu synaglary geçirmek üçin rugsat aldy. Geňeşiň rugsat tassyklamasyndan soňra bu kompaniýa hassalar bilen bagly geçirilýän gözleg-barlag işlerine gözegçiligi has-da güýçlendirdi. Mask adam beýnisinde çip synaglary bilen bagly pikirini özüniň «X» hasabynda eden çykyşynda hem aýdypdy.

Beýleki bir tarapdan, Ilon Mask adamlara Albert Eýnşteýnden bäri iň ajaýyp teoretiki fizik hökmünde tanalýan Stiwen Hawkingiň bu enjamy ulanandygy baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews