«NetherRealm» dünýäniň iň meşhur oýnunyň täze neslini taýýarlaýar. Ol başga oýunlara meňzemez

SalamNews

17 Maý, 2023

Dünýäniň iň meşhur oýunlarynyň biri «Mortal Kombatyň» soňky nesli 11-lik belgi bilen çykypdy. Ol dünýäde iň köp oýnalýan oýunlaryň biridir. Siziň hem meşhur gahrymanlaryň — Sab-Zironyň, Skorpionyň, Lýu Kangyň, Kung Laonyň... söweşlerinden lezzet alýandygyňyza ynanýarys. Emma ýakyn wagtlarda bu oýnuň hil taýdan düýbünden täze görnüşi muşdaklara hödürlener.

Maglumatlara görä, oýunda ähli wakalar täzeden başlanar. Oýnuň muşdaklary parasatly Reýdeniň hudaýlar bilen dawasyna, Şan Sungyň gazaply hereketlerine tomaşa ederler we dünýäni halas etmäge girişerler. Emma bu gezekki oýnuň esasy aýratynlygy — wakalar açyk meýdanda bolup geçer. Ýagny siziň indi diňe bir adamyň däl, eýsem, birnäçe adamlaryň garşysyna hereket etmeli bolmagyňyz mümkin.


Oýnuň ilkinji görkezilişiniň 25-nji maýda bolmagyna garaşylýar. Bahasy — «Playstation 5» üçin 70 amerikan dollary.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews