Alymlar ýogurdyň garaşylmadyk peýdaly taraplaryny öwrendiler

SalamNews

5 Dekabr, 2023

Ýogurtda tapylan bakteriýalar diňe içegäniň saglygyna täsir etmän, eýsem stres we ruhy kesellere garşy göreşýär. Werjiniýa uniwersitetiniň alymlary barlag işlerinden soň, şu netijä geldiler.

Gözlegçiler ruhy ýagdaýa täsirini anyklamak üçin ýogurtdaky köp sanly mikroorganizmlerden ybarat bolan laktobakteriýalary aýyrdylar. Syçanlarda geçirilen synaglaryň dowamynda, mälim bolmagyna görä, laktobakteriýalar depressiýadan halas bolmaga kömek edýär. Sebäbi olar bedeniň emosional «sazlanmagynda» uly rol oýnaýan interferon-gammanyň araçysy hökmünde immuny tertibe salýandygyny ýüze çykardylar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, bu ylmy netije ruhy keselleri bejermegiň täze usullaryny gözlemäge kömek eder diýip, «ScienceDirect» ýazýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews