«Borussiýa Dortmund» «Bawariýany», «Tottenham» «Çelsini» kabul eder

SalamNews

3 Noýabr, 2023

Ýewropa futbolynda her hepde bolşy ýaly, öňümizdäki «weekend»-de hem, hepdäniň soňky 2 gününde ýene-de biri-birinden gyzykly, dartgynly bolmagyna garaşylýan duşuşyklar geçiriler. Ýewropada hepdäniň duşuşygy «Bundesligada», şol sanda «Premier Ligada» oýnalar.

Her çempionatyň «El Klasikosy» bar bolup, «Bundesligada» ol «Der Klassiker» diýlip atlandyrylýar. «Borussiýa Dortmund» bilen «Bawariýanyň» arasyndaky duşuşyklara «Der Klassiker» diýlip, toparlar ähli duşuşyklary hasaba alanyňda, 134-nji gezek özara güýç synanyşarlar. Şenbe güni, ýagny 4-nji noýabrda oýnaljak duşuşyk «Signal Iduna Park»-da Aşgabat wagty bilen 22:30-da başlar. Mundan öňki 133 oýunda «Bawariýanyň» 66, «Borussiýanyň» 32 ýeňşi bar (261 – 166 gol). Geçen möwsümde çempionlygy soňky tapgyrda «Bawariýa» peşgeş beren «Borussiýa Dortmund» şol çempionlygyň aryny almak üçin meýdança çykar. 2 klub hem häzirlikçe ýeňlişsiz barýar. Duşuşyga germaniýaly tejribeli emin Deniz Aýtekin eminlik eder.

«Bundesligada» sanawyň lideri «Baýer» myhmançylykda «Hoffenhaým» bilen duşuşar. Duşuşyk şenbe güni 19:30-da başlar.

Angliýanyň «Premier Ligasynda» şenbe gününiň iň esasy duşuşygy «Nýukasl bilen «Arsenalyň» arasynda oýnalar. Aşgabat wagty bilen 22:30-da başlanjak oýun «Nýukaslyň» meýdançasynda geçiriler.

Şenbe güni «Fulham» – «Mançester Ýunaýted» (17:30), «Mançester Siti» – «Bornmut» (20:00) duşuşyklary-da üns merkezde bolar.

«Premier Ligada» ýekşenbe gününiň esasy duşuşygynda çempionatyň täze kluby «Luton Tawn» öz meýdançasynda «Liwerpul» bilen güýç synanyşar.

11-nji tapgyr duşenbe günündäki, ýagny 6-njy noýabrdaky London derbisi bilen tamamlanar. Aşgabat wagty bilen duşenbe güni ýarygijeden soň, 01:00-da başlanjak oýunda sanawyň ýeňlişsiz lideri «Tottenham» entegem özüni dürsäp bilmedik «Çelsini» kabul eder.

Ispaniýanyň çempionatynda-da tapgyryň iň esasy oýny 4-5-nji ýerlerdäki klublaryň arasynda bolar. Ýagny 5-nji ýerdäki «Real Sosiedad» «El Klasikoda» asgyn gelen 4-nji orundaky «Barselonany» kabul eder. Duşuşyk şenbe güni ýarygijeden soň (01:00) başlar.

Sanawyň lideri «Real Madrid» öz meýdançasynda Madrid sebitiniň başga bir kluby «Raýo Wellekano» topary bilen duşuşar. Duşuşyk ýekşenbe güni ýarygijeden soň, 01:00-da başlanar.

Şeýle-de, çempionatyň 12-nji tapgyry şu günki «Las Palmas» – «Atletiko Madrid» duşuşygy bilen başlar (01:00). 2-nji ýerdäki ýylyň garaşylmadyk topary «Žirona» bolsa şenbe güni, ýagny 4-nji noýabrda «Osasuna» toparynyň myhmany bolar (18:00).

Italiýanyň çempionatynyň täze tapgyry şu gijeki «Bolonýa» – «Lasio» duşuşygy bilen başlap (00:45), Çempionlar Ligasyna gatnaşýan klublar duşuşyklaryny şenbe güni 4-nji noýabrda geçirerler. Yzly-yzyna boljak oýunlarda «Napoli» myhmançylykda «Salernitana» (19:00), hepdäniň esasy 2 duşuşygynyň birinde «Inter» myhmançylykda «Atalanta» (22:00), «Milan» bolsa öz meýdançasynda «Udineze» bilen duşuşar (00:45). Ýekşenbe gününde-de «Fiorentina» – «Ýuwentus» duşuşygy tapgyryň ýene bir esasy oýny bolar (00:45).

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews