Ýewropada ýylyň ýeňil atletikaçylary saýlandy

SalamNews

23 Oktýabr, 2023

Ýewropada ýylyň ýeňil atletikaçylary baýragynyň bu ýylky ýeňijileri mälim edildi.

Litwanyň paýtagty Wilniusda Ýewropa ýeňil atletika bileleşiginiň guramaçylygynda geçirilen dabarada ýylyň zenan ýeňil atletikaçysy diýlip, niderland ylgaýjy Femke Bol saýlandy. Päsgelçilikli 400 metr ylgawda hem-de 4x400 metr estafeta ylgawlarynda dünýäniň çempiony bolupdy.  

23 ýaşyndaky türgen geçen ýylam bu baýragy alypdy. Edil Femke Bol ýaly, norwegiýaly ylgaýjy Ýakob Ingebrigtsen hem bassyr 2-nji gezek Ýewropada ýylyň erkek ýeňil atletikaçysy diýlip saýlandy. Baýragy geçen ýyl Armand Duplantis bilen paýlaşan Ingebrigtsen Dünýä çempionatynda 5000 metre ylgamakda altyn, 1500 metr ylgawda-da kümüş medal gazanypdy.

Ýylyň ösüp barýan ýeňil atletikaçylary diýlen ugurda-da erkekleriň arasynda italiýaly Mattia Furlani (beýikligine hem-de uzynlygyna bökmek), zenanlaryň arasynda-da serbiýaly Anjelina Topiç (beýikligine bökmek) baýraga mynasyp görüldi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews