Dünýäniň howasy iň ýaramaz şäherleri mälim edildi

SalamNews

18 Aprel, 2023

«IQ» Howa korporasiýasy dünýäniň howasy iň ýaramaz şäherlerini mälim etdi. Maglumatlara görä, Nepalyň paýtagty Katmandu şäheri: «Dünýäde iň hapa howaly şäher» diýlip yglan edildi. Bu barada ntv.com.tr ýazýar.

Soňky ýyllarda şäherde howanyň hapalanmagynyň ýokarlanandygy sebäpli, dem alyş ýollarynyň, öýken ragynyň we ýürek-damar keselleriniň artandygy habarda nygtalýar.

Dünýäniň howasy iň hapa 10 şäheri

10. Guanžou, Hytaý.

9. Lahor, Pakistan.

8. Wuhan, Hytaý.

7. Dakka, Bangladeş.

6. Hanoý, Wýetnam.

5. Bangkok, Taýland.

4. Çengdu, Hytaý.

3. Çiang Maý, Taýland.

2. Nýu-Deli, Hindistan.

1. Katmandu, Nepal.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews