Ýewropanyň iň arassa we hoşboý ysly şäherleri atlandyryldy

SalamNews

1

Britaniýanyň HAYPP kompaniýasy Afinynyň Ýewropanyň iň arassa we hoşboý ysly şäheri diýlip atlandyrylandygyny habar berdi. Gresiýanyň paýtagty bellenilen 10 balyň 8,3-sine eýe boldy.

Reýtingi düzmek üçin hünärmenler Ýewropanyň 30 şäheriniň köçeleriniň arassalygyny, gül dükanlaryň, çörek bişirilýän kärhanalaryň we parfýumeriýa dükanlarynyň mümkinçiliklerini seljerdiler.

Afinynyň her 10 inedördül kilometrinde 31 sany gül dükany, 22 sany parfýumeriýa dükany we ýakymly ysly baklawa bişýän 31 sany çörek kärhanalary ýerleşýär. Mundan başga-da, Gresiýa 2022-nji ýylda daşky gurşaw boýunça görkezijide (EPI) 56,2 bal alypdy. Munuň özi şäheriň köçeleriň has arassalygyny we ýaşyl dona bürenmegini gazanmakdaky işjeňligini görkezýär.

Reýtingde ikinji ýeri eýeleýän Pariž EPI boýunça 62,2 bal gazandy. Şeýle-de bolsa, Fransiýanyň paýtagtynyň her 10 inedördül kilometrinde ortaça 11 sany çörek, gül we parfýumeriýa dükanlary bolup, bu görkeziji käbir şäherleriňkiden azdyr.

Üçünji orny bolsa Sýurih (Şweýsariýa) şäheri eýeleýär. Onuň her 10 inedördül kilometrinde 12 sany çörek we gül dükanlaryna gabat gelmek bolýar. Emma beýlekilere garanda parfýumeriýa dükanlary az bolup, bary-ýogy 9-a deňdir. EPI Sýurihiň arassalygyna 66 bal berdi.

Iň arassa we hoşboý ysly şäherler:

  • Afiny, Gresiýa

  • Pariž, Fransiýa

  • Sýurih, Şweýsariýa

  • Dublin, Irlandiýa

  • Lýuksemburg, Lýuksemburg

  • Nikosiýa, Kipr

  • Kopengagen, Daniýa

  • Buharest, Rumyniýa

  • Walletta, Malta

  • Amsterdam, Niderlandlar

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews