Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

SalamNews

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen geçiren duşuşygynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, onuň şu saparynyň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine hem-de «CLAAS» kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky işine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanda indi köp ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy german kompaniýalarynyň ençemesiniň üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Şolaryň hatarynda oba hojalyk tehnikalarynyň iri öndürijileriniň biri bolan «CLAAS» kompaniýasy hem bar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda «CLAAS» kompaniýasynyň okuw merkeziniň açylandygy, Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda ýörite okuw otagynyň hereket edýändigi bellärliklidir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews