Türkmenistanyň ilkinji «smart» şäheri näderejede «akylly» bolar?!

SalamNews

4 Fewral, 2023

Ýakynda gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berlen Arkadag şäheri «smart siti» taslamasy esasynda Türkmenistanda durmuşa geçirilen ilkinji «akylly» şäher bolar. «Smart siti» taslamasynda ilatyň ýaşaýşy üçin zerur şertler, daşky gurşawyň abadançylygy we howpsuzlygy döwrebap tehnologik mümkinçilikleriň esasynda ýola goýulýar.

Döwrebap aragatnaşyk ulgamy «akylly» şäherleriň aýratynlygydyr

«Akylly» şäherde, ilki bilen, ýokary tizlikli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy möhüm şert bolup durýar. Şundan ugur alnyp, Arkadag şäherinde «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň jemi 20 sany 3G we 20 sany 4G (LTE) ülňülerinde işleýän iberiji we kabul ediji aragatnaşyk ulgamlary ornaşdyrylar. 100 Mb maglumat geçiriş standartly 4G aragatnaşyk ulgamy täze dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylaryny ýokary tizlikli mobil aragatnaşygy bilen üpjün eder. «Akylly» şäheriň daşarky aragatnaşyk ulgamy bilen birlikde, içerki aragatnaşyk düzümi hem döwrebap görnüşde guralar.

Bu şäheriň her bir edara-kärhanasynda we öýünde «GPON» aragatnaşyk tehnologiýasy ornaşdyrylar. «GPON» tehnologiýasy — bu passiw optiki tor bolup, sekuntda 1 Gigabit tizlikdäki internet, IP-TW we telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýadyr. «GPON» tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy bilen, Arkadag şäheri sebitde bu döwrebap aragatnaşyk tehnologiýasy gurnalan ilkinji şäher bolar.

Welaýat merkeziniň merkezi seýilgähinde ýaşaýjylaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmek, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän WiFi (simsiz internet) zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar.

Welaýat merkezi hökmünde gurulýan «akylly» şähere barýan daşky eltiji ulgamlary 3 ugurda halkalaýyn görnüşde ätiýaçlandyrylyp, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň 106,5 kilometri çekildi.

«Smart sitiniň» «akylly» öýleri nähili bolar?!

Arkadag şäheriniň her bir öýi «smart» tehnologiýalary bilen üpjün ediler. Bu tehnologiýalaryň kömegi bilen adamlar üçin amatly ýaşaýyş gurşawynyň döredilmegi, energiýanyň tygşytlanmagy göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň ilkinji «smart» şäheriniň öýleri «LoRaWAN» tehnologiýalary esasynda «smart» tehnologiýa enjamlary bilen üpjün ediler. «Akylly» öýlerde ornaşdyryljak «LoRaWAN» ulgamynda elektroenergiýa, agyz suwy we tebigy gaz datçikleri 10-15 kilometrden maglumatlary kabul etmäge ukyply kabul ediji stansiýa birikdiriler, ol hem, öz gezeginde, ethernet ulgamy arkaly maglumatlar serwerine çatylar. «LoRaWAN» ulgamyna hereket, gapylary açmak-ýapmak, tüsse we agyz suwunyň syzyp çykmagyny «habar berýän», elektrik enjamlaryny işe girizmek we öçürmek datçiklerini ornaşdyrmak we öýüň ähli hyzmatyny maglumat tehnologiýasynyň kömegi bilen uzakdan dolandyrmak we gözegçilikde saklamak mümkin bolar.

Welaýat merkeziniň ähli binalaryndaky liftlere elektron gözegçiligi amala aşyrýan Sanly liftler merkezi dörediler. Döwrebap şäherde bitewi sorag-jogap gullugy hereket eder. Gije-gündiz işlejek «Call Center» 112 telefon belgisi arkaly müşderilerden ýüztutmalary kabul eder hem-de ýüztutmanyň degişliligine görä, tiz kömek, ýangyn we gaz howpsuzlyk gulluklaryna habar berer hem-de degişli çäreleriň geçirilmegini gurar.

Welaýat merkezinde jemagat hojalygynyň işini döwrebap ýola goýmak maksady bilen, «akylly» zibil gutulary ornaşdyrylar. «Akylly» zibil gutularynyň gapaklarynda ýörite datçikler oturdylyp, olaryň kömegi bilen zibil gutusynyň näçe göterim dolandygy dolandyryş merkezindäki programma üpjünçiligine habar berilýär.

Häzirki wagtda döwlet hyzmatlar portaly arkaly (e.gov.tm) aragatnaşyk hyzmatlarynyň ählisinden onlaýn görnüşde peýdalanmaga, sargytlary etmäge we tölegleri amala aşyrmaga, şeýle hem sarp edilen elektrik togunyň, gazyň, agyz suwunyň we jaýyň töleglerini onlaýn görnüşde tölemäge mümkinçilik döredilýär. Arkadag şäherinde döwlet hyzmatlar portalynyň işiniň işjeň görnüşde ulanylmagy göz öňünde tutulýar.

Welaýat merkeziniň ähli edara-kärhanalarynda elektron resminama dolanyşyk ulgamlary gurnalyp, pudagara elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly özara birikdiriler. Elektron resminama dolanyşygy ulgamynda bitewi maglumat binýady döredilip, onuň üsti bilen kärhananyň işine, iş amallaryna gözegçilik etmek we hasabatlary bermek, elektron maglumatlary redaktirlemek, gerekli maglumaty gözlemek, iş wagty barada maglumat almak mümkinçiligi dörediler. Edara-kärhanalaryň statistiki maglumatlary hem elektron usulda ýörediler.

(Dowamy bar).

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews