Türgenlerimiz aşihara karate boýunça Ýewraziýa çempionatynda 14 medal gazandylar

SalamNews

Türkmen ýygyndysy Türkiýäniň Stambul şäherinde geçen aşihara karate boýunça Ýewraziýa çempionatynda netijeli çykyş etdi. 18 döwletden 385-den gowrak türgeni jemlän ýaryş ildeşlerimize 14 medal getirdi. Şolaryň 9-sy altyn, 5-si bolsa kümüş medallardyr. Gazanylan netijeleriň ählisi aşihara karateniň kumite görnüşindendir.

Gülçemen Babaýewa uly gyzlaryň arasynda 50 kg-de çykyş edip, altyn medala eýe çykdy. Gülnabat Ýazylowa şol görnüşden 18 — 22 ýaşly gyzlaryň arasynda 55 kg-de geçen bäsleşikde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagynda ornaşdy. Dürdäne Nazargylyjowa bolsa uly gyzlaryň arasynda 60 kg-de kümüş, 65 kg-de altyn medallara mynasyp boldy.

Oglanlardan Agageldi Baýlyýew 18 — 22 ýaşly türgenleriň arasynda 60 kg-de altyn medal aldy. Şeýle üstünlige uly ýaşly oglanlaryň arasynda 60 kg-de çykyş eden Rejepmyrat Akmyradow hem ýetdi. Uly ýaşlylaryň arasynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagynda ornaşmak 65 kg-de bäsleşen Daýanç Gylyçdurdyýewe hem miýesser etdi.

Uly ýaşly oglanlaryň arasyndaky çykyşlaryny kümüş medal bilen jemlemegi bolsa 70 kg-de çykyş eden Joşgun Täçmedow, 85 kg-de güýjüni synan Döwletýar Allowow 95 kg-den ýokary agramda bäsleşen Maksat Annagylyjow dagy başardy.

Weteranlaryň bäsleşiklerinde bolsa Ýazmuhammet Aşyrmyradow 75 kg-de, Farhat Jumaýew 85 kg-de, Seýran Potarow 85 kg-den ýokary agramda altyn medallara mynasyp boldular. Myrat Ekäýew bolsa 85 kg-den ýokary agramda kümüş medala eýe çykdy. Weteranlaryň bäsleşiklerinde üstünlige ýeten ildeşlerimiziň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenlerdigine hem aýratyn ünsi çekmelidiris.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews