«Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň önümleri Hytaýa eksport ediler

SalamNews

18 — 20-nji maýda «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilen azyk önümleriň we içgileriň «SIAL China» atly halkara sergisine gatnaşdy. Halkara gözden geçirilişde türkmen kompaniýasy kärhanada öndürilýän önümleriniň ähli görnüşleri bilen tanyşdyrdy.

Serginiň çäklerinde «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň hünärmenleri hytaýly işewürler bilen birnäçe gepleşiklerdir duşuşyklar geçirdiler. Hytaýly wekiller türkmen kompaniýasynyň öndürýän önümleriniň hiline ýokary baha berdiler. Onuň çäklerinde hususy kärhananyň öndürýän ýokary hilli önümlerini Hytaýa eksport etmek barada baglaşylan ylalaşyklar hem aýdyň görkezýär.

Nesip bolsa, ýakyn wagtda «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy öz önümlerini gadymy we häzirki döwürde täjirçligiň iň ösen ýeri — Hytaýa eksport edip başlar.

«Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen ugradyljak «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň önümleriniň «SIAL China» halkara sergisinde görlezilmegi, hususy kärhananyň sarp edijileriniň sanynyň artmagyna, «Ýunus» haryt nyşanly önümleriň Hytaý bazarynda mäkäm ornamagyna ýardam etdi diýip belläp geçsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.

Ýeri gelende bellesek, «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy 2014-nji ýylda esaslandyryldy, onuň Mary we Änew şäherlerinde önümhanalary bar. Kärhananyň öndürýän ýokary hilli önümleri halkara ülňülere laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigine kärhananyň mynasyp bolan «ISO 22000 : 2005», «ISO 9001 : 2015», «Halal Food Certification», şeýle hem «Iýmit howpsuzlygy» boýunça (HACCP) şahadatnamalary-da aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda hususy kärhananyň önümleri Azerbaýjana, Täjigistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Russiýa, Yraga eksport edilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynda «Well» haryt nyşanly şekersiz sakgyjyň önümçiligi 2018-nji ýylda herekete girdi we türkmen kompaniýasy tarapyndan ýola goýlan bu önümçilik Merkezi Aziýada şekersiz sakgyç öndürmekde ilkinji tejribe. Häzirki wagtda hususy kärhana Türkmenistanda-da şekersiz sakgyjy öndürýän ýeke-täk kompaniýadyr.

Habarlaşmak üçin: (+993 12) 95-06-04; (+993 12) 95-06-17; (+993 12) 95-06-18.

E-poçta: export@altynyunus.tm; info@altynyunus.tm.

Salgysy: ş. Aşgabat, köç. Bitarap Türkmenistan 174.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews