Aşgabat — London ugruna uçar gatnawlaryna awiapetekleriň onlaýn satuwy ýola goýuldy

SalamNews

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji martdan «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat we London şäherleriniň arasynda yzygiderli ýolagçy uçar gatnawlaryny dikeltdi.

23-nji fewraldan degişli ugra awiapetekleri diňe awiakompaniýanyň kassalaryndan satyn alyp bolýardy. Indi bu halkara ugra awiapetekleri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web-saýty we mobil goşundylary arkaly onlaýn usulda satyn almak hem mümkin. 5-nji aprelde Londona uçuşa awiapetegi 8 706,30 manatdan onlaýn satyn alyp bolýar.

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň paýtagtlarynyň arasynda ýolagçy uçar gatnawlary her hepdäniň çarşenbe günleri ýerine ýetirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews