Ýaş liderleriň hepdeligi öz işine başlady

SalamNews

30 Mart, 2023

27-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ýaş liderler Türkmenistanyň häzirki we geljekki ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir» atly şygar astynda hepdeligiň açylyş dabarasy boldy.

Dabara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýaş mugallymlary, aspirantlary, magistrantlary, talyplary we Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň wekilleri gatnaşdylar.

Onuň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyplaryndan düzülen 4 toparyň arasynda «Hemmetaraplaýyn pikirlen, takyk hereket et!» atly «Breýn ring» zehin bäsleşigi geçirildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews