Paryzdepe ýadygärliginden ýylmaýjy daş tapyldy

Ogunur Pirjikowa. SalamNews.

17 Iýun, 2023

Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde, gadymy galalarda gazuw-agtaryş işleriniň ýazky möwsüminiň çäklerinde Paryzdepe ýadygärliginde ýylmaýjy daş tapyldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Şöhrat Annataganowyň ýolbaşçylygynda Kerim Hojagulyýewden, Jeýhun Janbekowdan, Muhat Muhadowdan ybarat toparyň gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan seýrek duş gelýän bu daşyň agramy 300 gram. Gadymy granit daşynyň has öňki döwürlere degişlidigi çaklanylýar.

Ylmy işgärleriň sözlerine görä, ýonulan, ýürege çalym edýän ýylmanak daş öý-hojalyk guraly hökmünde ulanylan bolmagy mümkin.

Kerim Hojagulyýewiň gürrüň bermegine görä, gazuw-agtaryş işleriniň çäklerinde gönüburç ojak we beýleki zatlar tapylypdyr:

Paryzdepe ýadygärliginiň we oňa ýanaşyk desgalaryň tutýan umumy meýdany 3,5 gektara barabardyr. Paryzdepe üç gat galadan, ýagny içki galadan, şähristandan we rabatdan ybaratdyr. Galanyň beýikligi 6-7 metr bolup, onuň merkezinde 3 metr beýiklikde içki gala ýerleşýär. Onuň ölçegleri 45х50 metre barabardyr. Şähristanyň ölçegleri 160 — 200 metr. Bu ýadygärligi öwrenmek işleri dowam edýär. Çünki bu ýadygärlik täsin syrlary özünde jemleýän ruhy hem-de maddy baýlygymyzdyr. Paryzdepe ýadygärliginde möwsümleýin alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylaryň aglaba bölegi keramika önümlerinden ybaratdyr. Bu bolsa sebitde gadymy döwürlerden bäri dowam eden senetçiligiň we hünärmentçiligiň ösen derejesini aýdyň görkezýär. Olar, esasan-da, öý hojalygynda ulanylan dürli ululykdaky we dürli görnüşdäki gap-gaçlardan durýar. Syrçalanan keramiki şemdanlar, ýag çyralary, daşdan ýasalan syýadan, orta asyrlara degişli gök reňkli syrçaly golçalar bar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews