Türkmenistanyň biržasy: bahasy 22,5 million dollardan gowrak 32 geleşik baglaşyldy

SalamNews

3 Aprel, 2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 515 müň  dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny we tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Manat serişdelerine ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 262 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews