Arkadag şäherinde aragatnaşyk hyzmatlary sanly çözgütler esasynda doly güýjünde işleýär

SalamNews

Täze «akylly» we «ýaşyl» şäher - Arkadag şäheri dürli maksatly binalar toplumy bilen tutuşlygyna häzirki zaman kämil tehnologiýalary we sanly çözgütleri özünde jemleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher – Arkadag şäherinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komiteti tarapyndan alnyp baryldy.    

Häzirki wagtda şäher «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň ýokary tizlikli 3G we 4G (LTE) ülňelerinde işleýän iberiji we kabul ediji ulgamlarynyň enjamlar toplumlary bilen doly üpjün edildi. Bu tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy şäheriň ähli ýerinde öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem, şäheriň seýilgählerinde we köpçülik ýerlerinde ornaşdyrylan, ýokary tizlikli internete girýän Wi-Fi zolaklary internet torunyň çäksiz hyzmatlaryndan peýdalanmagyň we raýatlar üçin medeniýetli dynç almagyň amatly görnüşi bolup hyzmat edýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Köpetdagyň gözel tebigy görküne görk goşýan Arkadag şäheriniň dürli maksatly binalar we ýaşaýyş jaý toplumlaryna GPON tehnologiýasy gurnalyp işe goýberildi.

GPON tehnologiýasy umumy uzynlygy 106,5 kilometre barabar bolan halka çyzgysy boýunça üç ugurda köpeldilýär (olaryň ikisi Aşgabat bilen Arkadag şäheriniň arasynda, beýlekisi Gökdepe we Arkadag sebit merkeziniň arasynda). Şäheriň içerki aragatnaşyk kabel ulgamynyň umumy uzynlygy 258,8 kilometre barabar boldy.

GPON tehnologiýasynyň tory Arkadag şäheri üçin 20 müň telefon belgisini öz içine aldy. Şeýle-de dowamly sanlary artdyryljak 235 sany ýokary hilli teleýaýlymlar raýatlar üçin ýaýlyma goýberilýär.

Bu tehnologiýanyň işe girizilmegi, her bir öýe optiki süýümli ulgam çekilip, sekuntda 1 Gigabit-e çenli ýokary tizlikli internet, IP TW hem-de telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Tehnologiýalar döwründe Internet diňe bir ýakymly güýmenje bolmak bilen çäklenmän, işewürligi netijeli alyp barmak we maglumat çeşmelerinden dessine peýdalanmak usullarynyň iň amatly, giňden ýaýran we taýy bolmadyk ulgamydyr.

Internet ulgamynyň onlaýn oýunlary, giň maglumat çeşmesi, sanly ulgam arkaly iş maslahatlary, onlaýn banking we onlaýn dükanlary  - bularyň hemmesi ýokary birikme tizligini talap edýär. Häzirki wagtda ýokary tizlikli tora girmek diňe isleg bolman, eýsem zerurlyga öwrüldi. GPON tehnologiýasy bolsa şeýle zerurlygy halkara standartlaryna laýyk gelýän şertlerde üpjün etmäge kömek edýär.

Mundan başda-da, Arkadag şäherinde innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan häzirki zaman LoRaWan geçiriji stansiýalarynyň enjamlar toplumynyň kömegi bilen degişli hyzmatlary uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän «Smart City» we «Smart Home» ulgamlary girizildi.

«Akylly öý we jemgyýetçilik hyzmatlary» üçin elektrik energiýasynyň, gyzgyn we sowuk suwyň hem-de tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýän enjamlar oturdyldy. Tebigy gaz syzyşlaryny we suw syzyşlaryny anyklamak üçin datçikler hem gurnalyp, işe girizildi.

Arkadag şäheriniň ähli kärhanalary ýokary guramanyň merkezi edarasyna birikdirilen elektron resminama dolandyryş ulgamy bilen işleýär. Häzirki wagtda bu ulgam ýerli dolandyryş we aragatnaşyk edaralarynda hereket edýär.

Bulardan başga-da, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan bilelikde Arkadag şäherinde, raýatlarymyz tarapyndan gelip gowuşýan soraglardyr, sargytlary döwrebap derejede kanagatlandyrmak maksady bilen, gyssagly kömek hyzmatlar merkezi - 123 belgili «Call centr» merkezi döredildi.

Ýurdumyzyň jemgyýetinde gyzgyn goldaw tapan  – e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda Arkadag şäheriniň penjiresi döredildi. Döwlet hyzmatlarynyň ählisini bir ýerde jemleýän e.gov.tm portaly ýaşaýjylara şahsy otagy döretmek arkaly, onlaýn görnüşde aragatnaşyk we jemagat hyzmatlaryndan peýdalanmaga, dolandyrmaga, sargytlary bermäge hem-de tölegleri tölemäge, jemgyýetçilik ulaglaryna petekleri almaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem, lukmana elektron nobata ýazylmaga, gerekli güwanamalary sargyt etmäge, onlaýn bank hyzmatlaryny ulanmaga, statistiki hasabatlary tabşyrmaga we beýleki sanly hyzmatlardan giňden peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

Mundan başga-da, şäher ammarlara harytlaryň alynmagyny uzakdan gözegçilikde saklamaga we söwda nokatlaryna önüm ibermäge, önümleriň balansyny yzarlamaga mümkinçilik berýän elektron söwda bilen meşgullanýar.

Şäher administratorlaryň, mugallymlaryň, okuwçylaryň we ene-atalaryň arasynda interaktiw aragatnaşyk gurşawy bolan «Elektron mekdebi» hem ýola goýuldy. Bu sanly hyzmat bilim edaralarynyň ähli esasy çärelerini gurnamaga mümkinçilik berýär. «Elektron kitaphanasy» bolsa ulanyjylara häzirki zaman elektron okuw kitaplary, wideo-ses materiallary, interaktiw multimediýa programmalary bilen üpjün edýär.

Şeýle hem, «Zehin» (Akyl) diýlip atlandyrylýan sanly ulgam zehinli ýaşlary kesgitlemäge kömek etjek innowasion platformasydyr. Umumy bilim portaly ýokary we orta hünär bilim edaralaryny ýeke sanly giňişlik bilen birleşdirýär we bu guramalara maglumat çeşmelerini alyşmaga mümkinçilik berýär.

Arkadag şäheriň akylly şäherdigini nazara alyp, şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin gije-gündiz «akylly» wideogözegçilik ulgamlary işleýär.

Ulag dyknyşygynyň derejesini kesgitleýän we alnan maglumatlara görä merkezi serwerde gurlan programma üpjünçiligi arkaly swetoforlary sazlaýan «akylly» yşyk çyralary awtaulag sürüjileri we pyýadalar üçin amatly hem-de howpsuz şertleri üpjün edýär.

Awtoulag üçin boş ýer tapmaga we awtoulag duralgasynyň işini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän «akylly» awtoulag duralgalary hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan «akylly» şäher çözgütleriniň biridir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews