Maltada sürüjisiz awtobuslary ulanyşa goýbermek meýilleşdirilýär

SalamNews

24 Oktýabr, 2023

2025-nji ýylda Maltada sürüjisiz awtobuslar peýda bolar. Täze ulagyň dört ugur boýunça ýörite bellenen zolaklarda işläp başlajakdygyny we şäheriň jemgyýetçilik transport ulgamynyň bir bölegine öwrüljekdigini bolsa «Ýewropuls» habar berýär.

Meýilnama görä 2025-nji ýylyň başyndan bu taslamany 48 aýlyk synag etmek işine badalga berler. Şol wagtyň dowamynda Maltanyň hökümeti ýerli ýaşaýjylaryň bu täzeligi kabul edişini hem-de täze transportyň ýagdaýyny öwrener.     

Häzirki wagtda Ulag ministrligi sürüjisiz ulag serişdeleriniň nobatdaky synaglary üçin şol ýollaryň mümkinçiliklerini we munuň üçin amatly şertleri döretmegiň meselelerini öwrenýär.

Sürüjisiz jemgyýetçilik ulaglary Ýewropanyň beýleki şäherlerinde hem synagdan geçiriler.  

Şeýle ulaglar eýýäm Estoniýanyň Tartu, Daniýanyň Kapengagen, Germaniýanyň Berlin we Maýn boýundaky Frankfurt şäherleriniň köçelerinde hereket edýärler. Amsterdamda bolsa ýolagçylar  hem-de zir-zibilleri ýygnamak üçin sürüjisiz elektrik gaýyklary synagdan geçirilýär.      

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews