Eýkon bilen Dr. Alban «Türkmeniň ak öýünde» konsert berdiler

SalamNews

30 Iýun, 2022

Düýn — 29-njy iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda daşary ýurtlaryň meşhur artistleri ABŞ-ly Eýkon (Akon) bilen şwesiýaly Dr. Alban konsert berdiler.

Ýokary derejede guralan konserte gatnaşan 3000-e golaý tomaşaçy joşgunly çykyşlardan uly lezzet aldy. Artistler sahnada şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Onuň dowamynda Eýkon (Akon) şeýle belledi:

— Şu ýerde bolmak we türkmenistanlylar üçin çykyş etmek maňa uly şatlykdyr. Sahnada men özümi türkmen halky bilen ýakyn adam ýaly duýdum.

Şeýle hem Dr. Alban «SalamNews-yň» habarçysyna beren interwýusynda öz duýgularyny beýan edip:

— Şu günki konsert mende uly täsir galdyrdy we meniň üçin garaşylmadyk waka boldy. Siziň üçin çykyş etmek maňa örän ýarady. Türkmen halky üçin ýene-de konsert bermäge hökman gelerin — diýip belledi.

Konsertiň ahyrynda artistler Eýkon (Akon) bilen Dr. Alban bilelikde sahna çykdylar. Olar muşdaklary bilen surata düşdüler hem-de ýadygärlik ýazgylaryny paýlaşdylar. Tolgundyryjy, şadyýan duýgular üçin minetdarlyklaryny bildirip, artistler täze duşuşyklara çenli tomaşaçylar bilen hoşlaşdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews