Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy

SalamNews

28 Awgust, 2023

Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy baradaky maglumaty size ýetirýäris.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus maýyldan +36... +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus maýyldan +36... +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +22 gradusdan +24... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +35 gradus maýyldan +38... +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews