Dünýäniň iň gowy awtomobilleri saýlandy. Olaryň arasynda siziň ulagyňyz barmy?

SalamNews

10 Aprel, 2023

Nýu-Ýork awtosergisi dünýäniň iň abraýly ulag baýramçylyklarynyň biridir. Serginiň jemi boýunça «Ýylyň awtoulagy» ýaryşy geçirilýär.

Serginiň halkara derejeli eminleri şu ýylyň iň gowy awtoulagy hökmünde «Hyundai Ioniq 6» yglan etdi. Ol bu babatda esasy bäsdeşleri «BMW i7-den» we «Lucid Airden» öňe geçmegi başardy. Şeýle-de «Hyundai Ioniq 6» awtoulagy iň gowy dizaýnly ulag hökmünde öňe saýlandy.

«World Luxury Car» (iň ýokary hilli ulag) ugrunda «Lucid Air» ulagy birinji orny eýeledi. Ýokary tehnologiýaly ulag hökmünde bolsa «Kia EV6 GT» yglan edildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews