Aýdym-sazlar geçen asyra äkitdi

SalamNews

23 Aprel, 2023

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda dünýäniň çar künjegine ýaýran we köp ýurtlarda meşhur bolan geçen asyryň aýdym-sazlary ýaňlandy.

Olary Tahyr Ataýewiň orkestriniň sazandarlygynda solistler Döwran Şammyýew, Mansur Şaripow, Bogdan Smolin we Laçyn Rozyýewa ýerine ýetirdiler.

Konsertde «Agent 007» filminden parçalar, Robbie Williamsyň repertuaryndan aýdymlar hem-de iňlis kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi.

Konsert Döwran Şammyýewiň aýtmagynda «Love again» aýdymy bilen jemlendi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews