Musulman ýurtlary Owganystan üçin Ynsanperwerlik gaznasyny döretdi

SalamNews

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) we Yslam ösüş banky garyplyga we açlyga duçar bolýan owgan halky üçin haýyr-sahawat kömegini ýygnamak maksady bilen, Owganystan üçin Ynsanperwerlik gaznasynyň Tertipnamasyna gol çekdiler. Bu barada business.com.tm habar berýär.

Resminama YHG-nyň Baş sekretary Hiseýn Brahim Taha we Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Muhammad Suleýman al-Jassir gol çekdi. Gol çekmek dabarasyna Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi hem gatnaşdy.

Yslam ösüş banky Owganystana ynsanperwerlik kömegini gönükdirmek üçin araçy bolar. Bu işler beýleki halkara subýektler bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlar.

Gol çekmek dabarasynyň dowamynda Kureşi öz çykyşynda Owganystandaky çylşyrymly ynsanperwerlik ýagdaýyň dessine hereket etmegi talap edýändigini nygtap, YHG-nyň agza döwletlerine, yslam maliýe edaralaryna, donorlara we beýleki halkara hyzmatdaşlara ýüzlenip, olara hemaýat kömegini gazna gönükdirmäge çagyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews