Haýsy dermanlary çaý bilen içmek bolmaýar

SalamNews

21 Dekabr, 2023

Çaý bilen derman içmek köpleriň endigidir. Şeýle-de bolsa, onuň näderejede ygtybarlydygy hakda pikir edip gördüňizmi? Käbir derman serişdeleriniň çaý bilen gapma-garşy bolmasa-da, olaryň käbirini hökman suw bilen içmeli.

Gara, ak, gyzyl, ýaşyl... parhy ýok. Çaý nähili bolsa-da, kameliýadan ýasalýa önçmdir. Içginiň reňki ýapraklaryň fermentasiýa derejesine baglydyr. Çaýda derman serişdelerine duýgur maddalardan kofein, kateşin we käbir minerallar bardyr.

Iki käse gara çaýyň düzüminde bir bulgur kofeniňki bilen deň derejedäki kofein bar. Şol sebäpden hem, çaýyň dermanlaryň peýdasyna nähili täsir edip biljekdigi hakynda özüňiz pikir edip görüň!

Dermanlaryň köpüsine garşylyklar çaýyň täsirini öz içine almaýar. Mundan başga-da, demlenen çaýda işjeň maddalaryň konsentrasiýasy gaty pes, şonuň üçin hem, dermanyň täsirliligine zyýan ýetirmek howpyny döretmeýär. Ýöne suw derman serişdelerini ullanmak üçin iň zyýansyz serişde bolmagynda galýar.

Haýsy dermanlary çaý bilen içmeli däl?

Demir goşundylaryny özünde jemleýän derman serişdelerini çaý bilen kabul etmeli däl: kofein mikroelementiň bedende siňmeginiň derejesini peseldýär. Ýeri gelende aýtsak, apelsin şiresi ters täsir edýär. Käbir gözlegler demiriň C witamini bilen has gowy siňýändigini görkezdi.

Ýürek we gan damarlary keseleri üçin niýetlenen dermanlar çaý bilen kabul edilmeli däldir. Şeýle hem çaýy trombozyň (silostazol, klopidogrel, diklopidin) öňüni almak üçin niýetlenen dermanlar üçin ulananyňyzda seresap bolmaly. Şol sebäpden hem, lukmanlar derman serişdelerini diňe suw bilen kabul etmegi maslahat berýärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews