Mourinýo: «Hiç kim Messini türgenleşdirip bilmez»

SalamNews

10 Fewral, 2024

Portugaliýanyň meşhur tälimçisi Žoze Mourinodan haýsy oýunçylar bilen işlemek isleýändigini soradylar. Ol iň köp işlemek isleýän oýunçysynyň Lionel Messidigini belledi.

«Meniň Messiniň tälimçisi bolmak mümkinçiligim bolmady, ýöne ony hiç kimiň türgenleşdirip bilmejekdigini hem aýdaýyn. Ony türgenleşdirip biljekdigiňe ynanmak ýerliksiz bolar, sebäbi ol guýmagursak zehin we eýýäm futbol dünýäsindäki ähli zady bilýär.

Leo sizden käbir zatlary öwrenip biler. Siz diňe onuň bilen bir düzümde çykyş edýändigiňiz üçin buýsanyp bilersiňiz» – diýip, Mourinýo belledi.

36 ýaşly Messiniň geçen ýyldan bäri MLS-de göreşýän «Inter Maýami» toparynda çykyş edýändigini ýatladýarys.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews