Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ligasy: «Aşgabat II» ýaryş tertibiniň başynda

SalamNews

31 Mart, 2024

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde «Aşgabat II» topary ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçmegi başardy. Paýtagtymyzyň toparynyň ýaşlar düzümi bu tapgyryň çäginde myhmançylykda «Şagadam II» topary bilen geçiren duşuşygyny deňlikde tamamlady — 0:0. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň topary geçiren bu duşuşygyndan soň 10 utuk toplady. «Merw II» bilen «Köpetdag II» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 2:2 hasabynda jemlendi.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Arkadag II» «Ahal II» toparyndan (4:3), «Altyn Asyr II» bolsa «Nebitçiniň» ýaşlar düzüminden üstün çykdylar (2:1).

Geçirilen duşuşyklardan 6 utukdan toplan «Arkadag II», «Ahal II» hem-de «Altyn Asyr II» toparlary ýaryş tertibinde 2-nji, 3-nji, 4-nji orunlarda ornaşdylar. «Arkadag II» hem-de «Altyn Asyr II» toparlarynyň 3 duşuşykdan geçirendiklerini bellemek gerek.

 4-nji tapgyryň duşuşyklary:

«Şagadam II» – «Aşgabat II» – 0:0

«Merw II» – «Köpetdag II» – 2:2

«Arkadag II» – «Ahal II» – 4:3

«Altyn Asyr II» – «Nebitçi II» – 2:1

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews