«Türkmengazyň» gaz generatorlarynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

SalamNews

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada şertnama baglaşmagy hakynda» Karara gol çekdi. Onuň taslamasy barada 25-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Bellenişi ýaly, «Döwletabat-3» hem-de «Döwletabat-2A» gazy gysyjy desgalarynda ornaşdyrylan gaz generatorlaryny zawod şertlerinde düýpli abatlamak işlerini geçirmek barada şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi «Döwletabat» gaz käninden çykarylýan tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara bökdençsiz we ygtybarly ibermäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews