Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewa GDA-nyň Hormat nyşany gowşuryldy

SalamNews

13 Oktýabr, 2023

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygynda geçirilen GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «GDA-nyň Hormat nyşany» bilen sylaglanyldy.

Dabaraly ýagdaýda gowşurylan sylag üçin Mirziýoýew hormatly kärdeşine ýüzlenip:

«Şu günki sylag, Özbegistany we ýurduň Prezidentini ynam bildirilen köp sanly işleri durmuşa geçirmäge borçlandyrýar» diýdi.

Şeýle hem ol dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, halkara çäräniň çäklerinde ýokary sylag — GDA-nyň Hormat nyşany bilen sylaglanandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu sylaga özbek halkyna goýulýan uly hormatyň nyşanydygyny belläp, Prezident oňa GDA ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge Özbegistanyň goşýan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini aýtdy we bu hormata ýurduň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň goldanylmagy diýip düşünýändigine ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, özbek halkynyň Lideri Bişkekde geçirilen mejlisiň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütleriň doganlyk ýurtlaryň we olaryň halklarynyň dostlugyny hem-de hyzmatdaşlygyny berkitmekde, şeýle hem agzybirligi saklamakda möhüm ädim boljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews