«Salam, dünýä!»: 1 minutda jahan habarlary

SalamNews

19 Sentýabr, 2022

54 sany täze emeli hemra uçuryldy

«Starlink» kompaniýasynyň dünýäde elýeterli internedi üpjün etmek maksady bilen emeli hemralary äleme uçurýandygyny bilýäris. Häzirki wagtda Ilon Maskyň kompaniýasynyň emeli hemralarynyň internedinden dünýäniň ähli ýerinde peýdalanýarlar. Şu gün hem kompaniýa kosmosa 54 sany täze emeli hemrany üstünlikli uçurdy.

Braziliýada kofeniň ätiýaçlyk gory azaldy

Braziliýada kofeniň ammarlardaky ätiýaçlygy rekord derejede peseldi. Kofeniň önümçiliginde öňdebaryjy orun eýeleýän ýurduň kofe ätiýaçlygynyň azalmagy arzyly önümiň ýetmezçiligini döredip biler. Kofeniň azalmagy ýurtdaky gurakçylyk bilen baglanyşdyrylýar.

Gazagystanyň Prezidenti bir möhletli saýlanyp biler

Gazagystanyň syýasy durmuşynda wajyp özgertmeler bolup geçýär. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň gol çeken resminamasyna laýyklykda, indiden beýläk ýurduň Prezidenti 7 ýyllyk möhlet bilen bir gezek saýlanyp biler. Şeýle-de Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanyň ady resmi ýagdaýda Astana öwrüldi.

Ispaniýa basketbol boýunça Ýewropanyň çempiony boldy

Ispaniýa türgenleriniň ussatlygynyň netijesinde basketbol boýunça Ýewropanyň çempiony bolmagy başardy. Finalda ispanlara Fransiýanyň milli ýygyndysy garşy durdy. Duşuşyk çekeleşikli geçip, onda 88:76 hasap bilen Ispaniýa ýeňiş gazandy.

Saturnyň halkasynyň syry açyldy

Saturnyň meşhur halkasy onuň tebigy hemralarynyň biriniň galyndysy bolmagy ähtimal. Alymlar «Kassini» arş gämisiniň barlaglarynyň esasynda şeýle netijä geldiler. Saturnyň Krisalis ady berlen tebigy hemrasy planeta has ýakyn gelipdir. Saturn bolsa özüniň ägirt uly dartyş güýji bilen ony çym-pytrak edipdir. Häzirki halka bolsa şonuň galyndysy hasaplanýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews