«Salam, dünýä»: 1 minutda jahan habarlary

SalamNews

15 Noýabr, 2022

ABŞ-nyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlary duşuşdylar

Balide ABŞ-nyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Baştutanlary duşuşdylar. Onda dünýä syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Karl III doglan gününi belledi

Karl III Beýik Britaniýanyň şasy hökmünde ilkinji doglan gününi belledi. Ony dünýäniň döwlet Baştutanlary bilen halky gutladylar.

Jobsuň aýakgaby üçin 200 müň amerikan dollary tölendi

Näbelli adam Stiw Jobsuň aýakgaby üçin 200 müň amerikan dollaryny töledi. Bellenişi ýaly, onda beýik oýlap tapyjynyň we işewüriň aýak yzy saklanyp galypdyr.

Ronaldodan täsin interwýu

Kriştiano Ronaldo žurnalistlere beren interwýusynda toparyndan nägiledigini, Erik Ten Hagy sylamaýandygyny belledi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews