«Salam, dünýä!»: 1 minutda jahan habarlary

SalamNews

16 Sentýabr, 2022

Moldowada odun gözlemäge mümkinçilik berýän internet saýty döredildi

Moldowanyň Daşky gurşaw ministrligi ilatyň odun gözlegini ýeňilleşdirýän we onuň elýeterli ýerlerini tapmaga mümkinçilik berýän internet saýtyny döretdi. Bilşimiz ýaly, Ýewropa, şol sanda Moldowa hem energetika çökgünligi başdan geçirýär. Gyşyň golaýlamagy bilen, ýurtda oduna bolan islegiň artandygy bellenýär.

Şu gün «iPhone 14» smartfonlarynyň satuwy başlandy

Şu gün «Apple» kompaniýasy «iPhone 14», «iPhone 14 Plus», «iPhone 14 Pro» we «iPhone 14 Pro Max» smartfonlarynyň satuwyna başlady. Geçen hepde tanyşdyrylan enjamlaryň ekranlary, kameralary kämilleşdirilipdir. Olarda «Always-On Display» innowasiýasy ýerleşdirilipdir.

«APL-de» ähli ýyldyzlaryň duşuşygyny geçirmek teklip edildi

«Çelsi» futbol toparynyň täze eýeleriniň biri bolan Todd Boeli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sport ulgamyndaky tejribesini Angliýa getirip başlady. Amerikaly milliarder «APL-iň» ähli ýyldyz futbolçylarynyň arasynda duşuşyk geçirmegi teklip edýär. Bu habary eşiden meşhur germaniýaly tälimçi Ýurgen Klopp:

«Duşuşygy geçirmek üçin boş gün tapsa, maňa jaň etsin» diýip bellik etdi. Hünärmeniň pikiriçe, häzir futbolçylar geçirilýän köp sanly duşuşyklar sebäpli dynç alyp, türgenleşmäge wagt tapmaýarlar.

Burny ýuwmak COVID-19-yň 8 esse ýeňil geçmegine mümkinçilik döredýär

Amerikaly alymlary burny ýuwmagyň COVID-19 keseliniň 8 esse ýeňil geçmegine mümkinçilik berýändigini ýüze çykardylar.

COVID-19-yň bedene, esasan, burun ýolunyň üsti bilen barýandygy mälimdir. Wirus ACE2 belogyna «ýelmeşmek» bilen hereket edýär. Şonuň üçin hem COVID-19-yň belogo «ýelmeşmeginiň» öňüni almaly. Bu babatda ylmy-barlag işleriniň alnyp barylýandygy nygtalýar.

Sibirde Ýura döwrüne degişli 25 balyk tapyldy

Paleontologlar Irkut kömür käninde 25 sany gadymy balyklaryň galyndylaryny tapdylar. Iki ýyl mundan öň bu döwre degişli balyklaryň eýýäm ikisi tapylypdy.

Alymlar balyklaryň bu ýere üýşmekleriniň sebäbini, görnüşiň ýok bolmagyna getiren hadysa bilen baglanyşdyrýarlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews