«Salam, dünýä!»: 1 minutda jahan habarlary

SalamNews

2 Ýanwar, 2023

Braziliýanyň täze Prezidenti kasam kabul etdi

Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa halkynyň öňünde kasam kabul etdi.

Ol mundan ozal 2003 — 2010-njy ýyllarda-da ýurdy dolandyrypdy hem-de geçen ýylyň oktýabrynda Bolsonarudan sesleriň sähelçe aratapawudy — 50,85 göterim we 49,15 göterim ses görkezijisi bilen ýeňiji boldy. Ol sözlän sözünde ýurdy täzeden dikeltjekdigini aýtdy.

Şanly waka mynasybetli, «Lulapalooza» aýdym-saz festiwaly guralyp, oňa 60-dan gowrak meşhur artist çagyryldy.

Deňiz pişigi üçin feýerwerk ýatyryldy

Angliýanyň Skarboro şäherinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan feýerwerk kenara ýüzüp gelen deňiz pişigi sebäpli ýatyryldy. Şäheriň ýolbaşçylarynyň pikiriçe, feýerwerkiň gohy jandary bimaza edip bilerdi.

BAE rekord goýdy





BAE-niň demirgazygyndaky Ras-el-Haým Emirliginiň Täze ýyl mynasybetli guran feýerwerki Ginnesiň rekordlar kitabyna iki rekord bilen girizildi. Olaryň birinjisi asmana birlikde 600 sany awtonom dolandyrylýan enjamlaryň uçurylmagy, ikinjisi bolsa asmanda ýasalan iň uly göwrümli harplardyr. Feýerwerk 12 minut dowam edipdir.

365 gün marafona gatnaşdy

Britaniýaly türgen Geri Makki 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap her gün ylgaw marafonyna gatnaşdy. Ol jemi 365 marafona gatnaşyp, onkologiýa keselli adamlara kömek üçin 1 million amerikan dollaryny ýygnady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews