Dünýä 300 trillion dollar bergidar

SalamNews

26 Maý, 2022

Halkara pul gaznasy bergilerini berip bilmekleri üçin azyndan 100 döwletiň möhüm hyzmatlara edýän çykdajylaryny azaltmalydyklaryny öňe sürýär.

Gürrüňi edilýän halkara gazna, 2021-nji ýylda ählumumy karzyň 300 trillion dollardan geçendigini mälim edýär. Bu hökümetleriň, kompaniýalaryň özara algy-bergilerini öz içine alýar.

«Halkara pul gaznasy bu ýagdaýyň howply derejededigini mälim edýär» diýip, theprint.in ýazýar.

COVID-19 pandemiýasynyň görlüp-eşidilmedik derejede bergä batmaga ýol açandygy baradaky maglumat-da HPG-niň hasabatynda orun alýar hem-de:

«Netijede, bu ýagdaý durmuş şertleri pes bolan maşgalalara has ýiti täsir eder» diýlip aýratyn nygtalýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews