Aşgabatda Hazarýaka ýurtlaryň daşary işler ministrleri duşuşýarlar

SalamNews

Şu gün — 28-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabatda Hazarýaka ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirilýär.

Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy sammitiniň öňüsyrasynda, sammitiň taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilýär.

Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň mundan ozalky 5-nji sammiti Gazagystanyň Aktau şäherinde 2018-nji ýylda geçirilipdi. Şonda döwlet Baştutanlary taryhy resminama — Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýa gol çekdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews