Türkmenistanda iň pes aýlyk zähmet haky 1280 manat möçberde bellenildi

SalamNews

15 Iyul, 2023

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1280 manat möçberde bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak we olaryň binýatlyk ululygyny bellemek hakynda Permana gol çekdi.

Permana laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary 10 göterim ýokarlandyrylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

  • Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 2070 manat möçberde;

  • Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 605 manat möçberde;

  • pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 500 manat möçberde;

  • döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 470 manat möçberde bellemeli edildi.

Mundan başga-da, gol çekilen Permanda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini şu Permana 1 — 7-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly diýlip aýdylýar.

Türkmenistanyň resmi metbugaty habaryna görä, zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün edilmelidigi bellenildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews