Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň döredilen güni bellendi

SalamNews

17 Maý, 2022

16-njy maýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bilim ojagynyň döredilmeginiň 8 ýyllygy bellendi. Ol 2014-nji ýylyň 16-njy maýynda esaslandyrylyp, şol ýylyň 1-nji sentýabrynda ilkinji talyplaryny okuwa kabul edip başlady.

Iňlis dilinde bilim berýän uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Şeýle hem bu ýerde hytaý, ýapon, italýan dilleri öwredilýär. Ýokary okuw mekdebinde 5 fakultet hereket edýär, bakalawrlyk hem-de magistrlik maksatnamalary boýunça 14 ugurda hünärmenler taýýarlanýar. Okuwyň möhleti 5 ýyl bolup, 1 ýyl dil öwreniş we 4 ýyl bakalawr maksatnamasy boýunça bilim berilýär. Iňlis dilini ýokary derejede bilýänler üçin ýörite synaglar geçirilýär. Ondan geçen talyplar okuwlaryny bakalawr hökmünde başlap bilýärler.

Bu ýerde 2018-nji ýyldan bäri magistratura taýýarlygynyň «Bilimi dolandyrmak» we «Biznesi dolandyrmak» hünärleri boýunça-da ýokary bilim berilýär. Okuwyň möhleti 1 ýyl bolup, olar tölegli esasda alnyp barylýar. Häzirki wagtda 48 magistrant bilim alýar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň okuw binasynyň otaglary iň döwrebap tehnologiýalar, multimedia enjamlary bilen üpjün edilendir. Onuň elektron kitaphanasy, bilim portaly hem-de saýty bar.

Bu bilim ojagy daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olar bilen talyp we mugallym alyş-çalyş maksatnamalary amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews