Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EkoPort» şahadatnamasyny almaga bagyşlanan maslahat geçirildi

SalamNews

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleriniň gatnaşmagynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we daşky gurşaw işleriniň utgaşdyryjysynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy «EkoPort» şahadatnamasyny almaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hünärmenlerine goldaw berýär. Nobatdaky onlaýn maslahatda ýurdumyzyň, şol sanda Hazarýaka sebitiň iň uly deňiz portunda ekologik talaplara laýyk işleriň alnyp barlyşy tanyşdyryldy. 2018-nji ýylyň maýynda açylan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty döwrebaplygy we ekologik talaplara laýyk gelýändigi barada halkara güwänamalara eýedir.

«Ýaşyl» portlar ulag merkezleri bolmak bilen, ulag we logistika akymlarynyň yzygiderli birikdirilmegi üçin mümkinçilikleri açýar we ulag ulgamynda uglerod zyňyndylarynyň (dekarbonizasiýa) kem-kemden azalmagyna goşant goşýar. Deňiz portlarynyň durnukly ösüşinde energiýany dogry sarp etmek we serişdeleri netijeli dolandyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Portlaryň we ulag ulgamynyň durnukly ösüşi ulag ugurlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we daşky gurşawa bolan dostlukly gatnaşygyny ýokarlandyrýar.

Halkara «EkoPort» şahadatnamasy Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna Ýewropanyň ulag ulgamyna goşulmaga mümkinçilik döreder.

«EkoPort» şahadatnamasy portuň işleýşiniň, dolandyrylyşynyň ekologiýa talaplaryna laýyklygynyň, daşky gurşawy goramakda we töwekgelçilikleri dolandyrmakda netijeliliginiň güwänamasydyr. Häzirki wagtda dünýäniň 35 porty «EkoPort» derejesine eýedir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews