«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

2 Iýun, 2023

Jerime tölär

«Amazon» kompaniýasy «Alexa» ses kömekçisiniň çagalaryň şahsy durmuşyny bozandygy bilen baglanyşykly jerime tölemeli bolar. Jerimäniň möçberiniň 25 million amerikan dollaryna barabar boljakdygy bellenýär. Şeýle-de kompaniýanyň gapyda goýulýan «Ring» atly kamerasynyň adamlaryň maglumatlaryny bikanun çöpländigi üçin 5,8 million amerikan dollaryny tölemeli bolar.

Al Paçino 83 ýaşynda kaka bolar

Nusgawy artist hasaplanýan Al Paçino 83 ýaşynda kaka bolmaga taýýarlanýar. Maglumatlara görä, onuň 29 ýaşly ýoldaşy ýene-de birnäçe aýdan perzendi dünýä indirerler. Paçino gartaşan ýaşda kaka bolýan ýeke-täk artist däl. Onuň kinodaky ýoldaşy Robert De Niro hem 79 ýaşynda 7-nji perzendini görüpdi.

Ýolagçylaryň agramy ölçener

Täze Zelandiýanyň milli «Air New Zealand» awiakompaniýasy halkara uçuşlar üçin ýolagçylardan agramyny ölçemegi talap edip başlady. Onuň sebäbi uçarmanlaryň uçaryň agramyny takyk bilmegi we uçary ygtybarly dolandyrmagy bilen düşündirilýär.

Işgärlerini azaldar

Meşhur amerikan banky «Morgan Stanley» işgärleriniň sanyny 5 göterim (3 müňden gowrak) azaldar. Onuň sebäbi kompaniýanyň girdejisiniň peselmegi bilen düşündirilýär. Oňa dünýäniň syýasy durnuksyzlygy hem öz täsirini ýetirendir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews