«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

31 Mart, 2023

Meşhurlygy artýar

ABŞ-nyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlik ugrundaky göreş günsaýyn güýçlenýär. Bu göreşde ýurduň Respublikan partiýasyndan esasy lider hökmünde Donald Tramp öňe saýlandy. Ol häzirki wagtda saýlawçylaryň 54 göteriminiň goldawyna eýedir. Ikinji orunda Ron Desantis ýerleşip, ol partiýanyň 24 göteriminiň, öňki wise-prezident Maýk Pens bolsa 6 göteriminiň goldawyna eýedir. Demokratik partiýasynda hem göreş çekeleşikli dowam edýär.

Premýer-ministrlige gaýtadan saýlandy

Gazagystanyň Parlamenti Alihan Smailowy gaýtadan ýurduň Premýer-ministri wezipesine saýlady. Şunuň bilen baglanyşykly ses berişlikde Parlamentdäki 97 deputatyň 82-si bu teklibi goldady.

Bütindünýä bankynyň Prezidenti täzelener

Bütindünýä bankynyň Prezidentligine amerikaly işewür Adjaý Banga hödürlenýär. Ýatlatsak, Banga meşhur işewür bolmak bilen, «Mastercardyň» öňki ýolbaşçysydyr. Onuň bu wezipä bellenmegini ABŞ-nyň maliýe ministri Janet Ýelleniň hem goldaýandygy nygtalýar.

Gözegçilige almaly

Dünýäniň iň öňdebaryjy işewürleri — Ilon Mask we Stiw Woznýak emeli aňyň ösüşini kanun arkaly çäklendirmäge çagyrýarlar. Olar bu barada ýörite açyk hat ýazdylar we bu hata müňlerçe bilermenler we telekeçiler goşuldylar. Olaryň pikiriçe, emeli aňyň bu depginlerde ösdürilmegi adamzada uly howp salyp biler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews