«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

7 Iýun, 2023

«Apple-ň» iri sergisi

«Apple» kompaniýasy ýakynda düýbünden täze tehnologiýalara esaslanýan 3D aýnasyny tanyşdyrdy. Ony geýen adam smartfonyň ekranyny gözüniň alnynda görýär we ony dolandyryp bilýär. Bellenilişi ýaly, öň dünýäde «Apple-ň» «Vision Prosy» ýaly önümler döredilen däldir. Enjamyň satuwy indiki ýyl başlanar.

Gurama goşular

Şwesiýa NATO guramasyna iýul aýynda geçiriljek sammite çenli gurama goşulmaga umyt edýär. Emma onuň ýolunda Türkiýe bilen Wengriýanyň durmagy ähtimal. Bu iki ýurt Şwesiýanyň gurama goşulmagyna razylyk berenok. Şol bir wagtyň özünde guramanyň ýolbaşçysy Ýens Stoltenberg taraplar bilen gepleşikleriň kadaly geçýändigini we ýakyn wagtlarda ähli meseleleriň çözüljekdigini belledi.

Rekord jerime tölär

Polşa Ýewropa Bileleşiginiň kanunlaryny bozandygy üçin rekord derejede jerime tölär. Maglumatlara görä, jerimäniň möçberi 556 million ýewro ýeter. Polşanyň milli pulunda bolsa tölegiň möçberi 2,5 milliard zlota barabardyr. Tölegiň guramanyň Polşa berilmeli kömek puluň ujundan alynjakdygy bellenilýär.

Täze Premýer-ministr

Bolgariýanyň Parlamendi ses berlişigiň esasynda ýurduň hökümet baştutany — Premýer ministri hökmünde meşhur syýasatçy Nikolaý Denkowy saýlady. Onuň meýilnamalary we alyp barjak işleri baradaky maglumatlar ýakyn wagtlarda mälim ediler.

Baýden saýlanyp biler

Germaniýanyň kansleri Olaf Şols Jo Baýdeniň ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmak ähtimallygynyň uludygyny beýan etdi. Ol žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde: «Meniň pikirimçe, Prezident Baýdeniň gaýtadan saýlanmaga gowy mümkinçilikleri bar. Biziň häzirki Prezident bilen ýakyn transatlantik hyzmatdaşlygymyz ýola goýuldy» diýip nygtady. ABŞ-nyň saýlawlary indiki ýyl geçiriler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews