«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

28 Iýun, 2023

Ilkinji pizza tapyldy

Gadymy Rimiň meşhur Pompeý şäherinde gazuw-agtaryş işlerini geçiren alym-arheologlar bu ýeriň diwarynda ajaýyp suratyň üstüni açdylar. Bu suratda daşyndan örän pizza meňzeýän tegelek şekilli tagam ýerleşdirilipdir. Alymlar onuň pizzaň gadymy görnüşiniň bolmagynyň ähtimaldygyny belleýärler.

Işgärlerini azaldar

Dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biri bolan «KPMG» işgärleriniň sanyny 5 göterim azaldar. Kompaniýanyň düzüminde häzirki wagtda 219 müň töweregi adamyň zähmet çekýändigi nygtalýar. Ýatlatsak, kompaniýa fewral aýynda hem işgärleriniň 2 göterimini azaldypdy. Şereketiň häzirki wagtda serişdelerini tygşytlajak bolýandygy mälim edilýär.

Salgytsyz haryt alar

Ýewroparlament Moldawiýanyň Bileleşigiň bazaryna salgytsyz haryt getirmegini dowam etdirmäge rugsat berdi. Bu ýagdaý ýurduň ykdysadyýetine örän oňaýly täsir edýär. Rugsat ýedi görnüşli harytlara, ýagny üzüm, garaly, alma, ülje we beýleki önümlere degişlidir.

Ekologiýa taýdan arassa önüm

«Greenyl» atly italýan startapy köne plastik aýdym diskleriniň ornuna ekologiýa babatda arassa önüm döretmegi başardy. Ýatlatsak, köne plastik diskleri gaýtadan işlemek mümkin däldi we tebigat üçin örän zyýanlydy. Emma startap zyýanly poliwinilhlorid plastigini innowasion gaýtadan işlenýän polimere çalyşmagy başardylar. Geljekde bu zyýansyz plastikler ummandan toplanan zibil plastiklerden taýýarlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews