«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

19 Iýun, 2023

Seýrek ýer titreme

Fransiýanyň günbatarynda ýerleşýän La-Len şäheriniň 170 ýaşaýjysynyň göçürilendigi habar berilýär. Onuň sebäbi demirgazyk-günbatar Fransiýadaky Renn şäherinden günorta-günbatardaky Bordo şäherine çenli duýulan we güýji 5,2 — 5,8 bala ýeten ýer titreme bilen düşündirilýär. Netijede, ýüzlerçe binalaryň zaýalanyp indi ulanyşdan galandygy bellenilýär. Hünärmenler Fransiýada şeýle ýer titremeleriň seýrek hadysadygyny nygtaýarlar.

Parad geçdi

Londonda Angliýanyň täze şasy Karl III-niň doglan gününe bagyşlanan harby ýöriş geçirildi. Britan şasy 1986-njy ýyldan bäri ilkinji gezek şeýle ýörişi at üstünde kabul etdi. Bu ýylky ýörişe 1,4 müň gwardiýa esgerleri, 200-den gowrak at, 16 dikuçar we 52 uçar gatnaşypdyr. Şa noýabr aýynda 75 ýaşaýar. Ýöne adata görä iňlis şalary doglan gününi iki gezek, hakyky öz doglan gününde we halk bilen iýun aýynda howanyň gowy wagty belleýärler.

Daşary işler ministleri duşuşdy

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Feýsal ben Farhan Al-Saud Eýrana iş sapar bilen bardy. Ol bu ýerde Eýranyň Prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşyp, iki ýurtda ilçihana açmak we gatnaşyklary berkitmek boýunça pikir alyşdy.

400 milliard amerikan dollaryna ýetirmekçi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň eksportyny 2028-nji ýyla çenli 400 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýändigini habar berdi. Ol bu baradaky pikirlerini ýurduň eksportçylarynyň bileleşiginde paýlaşdy.

Kömek pul berer

Norwegiýa ýer titremesi sebäpli ejir çeken Siriýa döwletine kömek puluny iberýändigini mälim etdi. Bu barada ýurduň Daşary işler ministri Anniken Hýuitfeldt mälim etdi. Kömek pulunyň 1,7 milliard norweg kronyna ýa-da 161 million amerikan dollaryna barardygy mälim edilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews