«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

19 Maý, 2023

«Tiktok» gadagan

Meşhur sosial ulgam bolan «TikTok» ABŞ-nyň Montana ştatynda gadagan edildi. Bu barada ştatyň gubernatory Greg Janforte «Twitter» sahypasynda beýan etdi. Sosial ulgamyň gadagan edilmegi «TikTok-yň» ulanyjylarynyň şahsy maglumatlaryny talabalaýyk saklamaýandygy bilen düşündirilýär.

Ýaponiýa maýa goýýar

Meşhur amerikan «Micron» çip öndüriji kompaniýasy Ýaponiýada täze zawod gurmak üçin 500 milliard iena (3,6 milliard amerikan dollary) möçberinde maýa goýar. Ýat çipleriniň täze DRAM nesliniň Ýaponiýadaky önümçiligi 2025-nji ýylda başlar.

3 günde 10 million nusga

«Nintendo» kompaniýasy «Zelda» oýnunyň soňky sanynyň — «The Legend of Zelda: Tears of the Kingdom» oýnuň 3 günde 10 millionynyň satylandygyny habar berdi. Bu bolsa uzak döwürdäki oýunlaryň gaýtadan janlanýandygyny görkezýär.

Sudanlylara 3 milliard amerikan dollary gerek

Jenjelli Sudan döwletinde 18 million adamyň ynsanperwer kömege mätäçdigini nygtalýar. Bu maksatlar üçin BMG 3 milliard amerikan dollary möçberinde serişde gerekdigi bellenilýär. Häzirki wagtda Sudandaky taraplaryň gepleşikleri geçirýändigi mälim edilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews