«Salam, dünýä!» syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

25 Aprel, 2023

100 günlük synag

Jorjiýa Meloniniň Italiýanyň Premýer-ministri wezipesine geçenine 100 gün boldy. Ultrasagçy partiýalaryň koalisiýasyndan ýygnanan hökümet ýurda gelýän migrantlaryň sanyny azaltmagy söz beripdi. Emma dünýädäki syýasy kynçylyklar sebäpli ýurda gelýän migrantlaryň sanynyň has-da köpelendigi nygtalýar. Italiýa 21-nji aprele çenli 35 000 adam gämi bilen gelipdir. olary saklamak, yzyna ugratmak we beýleki bökdençlikler ykdysady kynçylygy başyndan geçirýän ýutda gymmat düşýär. Emma «CNN» ýaýlymynyň bilermenleri Meloniniň 100 günüň dowamynda alyp baran işleriniň kanagatlanarlydygyny belleýärler. Onuň işine seljermäni şu salgydan dolulygyna okap bilersiňiz.

Duda Mongoliýa bardy

Polşanyň Prezidenti Anžeý Duda döwlet sapary bilen Mongoliýa bardy. Saparyň Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhanyň we onuň aýalynyň çakylygy bilen guralandygy bellenýär. Saparyň dowamynda Prezidentler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, halkara meseleler barada oňyn çözgütleri tapmak ýaly ugurlarda pikir alşarlar. Duşuşykda Mongoliýanyň Prezidentiniň birnäçe maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly taslamalara garaldy.

Ilçi öte geçensoň...

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mao Nin ýakynda Hytaýyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçisi Lu Şaýniniň interwýusyndaky sözlerine düşündiriş berdi. Ýatlatsak, ilçi fransuz teleýaýlymlaryna beren interwýusynda öňki SSSR-iň respublikalarynyň Garaşsyzlygyny tassyklaýan netijeli halkara resminamanyň ýokdugyny aýdypdy. Bu sözler Baltika döwletlerinde berk tankytlandy. Netijede, Ning SSSR-den Garaşsyzlygyny alan döwletleriň ählisiniň özygtyýarlylygyny hormatlaýandyklaryny we BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, olar bilen netijeli hem-de dostlukly gatnaşyklary ýola goýandyklaryny beýan etdi.

«Coca-Cola Co.» girdejisini artdyrýar

«Coca-Cola Co.» kompaniýasy dünýäde alkogolsyz içgileri öndüriji iň iri kompaniýa hasaplanýar. Onuň içgileri bütin dünýäde uly islegden peýdalanýar. Bu isleg bolsa kompaniýa her ýyl girdejisini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ine, 2023-nji ýylyň I çärýeginde hem kompaniýa arassa girdejisini 12 göterim, peýdasyny bolsa 5 göterim köpeltmegi başardy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews