«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

27 Aprel, 2023

Raýatlyk almagy ýeňilleşdirýär

Russiýanyň Federasiýa ýygnagy raýatlyk almagyň tertibini ýeňilleşdirdi. Indi ýurduň raýaty bolmak üçin edilýän talaplaryň sany 20-ä çenli azaldyldy. Täze düzgüne görä, öňki SSSR-iň ýaşaýjylary we olaryň nesli, ýurtda 1 ýyl bäri ýaşaýan adamlar raýatlyk üçin degişli gulluklara ýüz tutup bilerler.

Gaaga sudundan çykmaz

GAR Halkara jenaýat kazyýetinden çykmagy meýilleşdirenok. Bu barada ýurduň Prezidenti Siril Ramafosuň wekilleri habar berýär. Ýatlatsak, birki günlükde GAR-yň Prezidenti çykyşynda parlamentde agdyklyk edýän Afrikanyň Milli Kongresi partiýasynyň kazyýet guramasyndan çykmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy.

Kongressden täze Kanun

ABŞ-nyň Kongresi ýurduň bergisiniň ýokary çägini ýokarlandyrmak (ýönekeý dil bilen ýene bergi etmäge mümkinçilik bermek) bilen baglanyşykly Kanuny kabul etdi. Resminama döwlet bergisiniň çägini 1,5 trillion amerikan dollaryna çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Stambul Halkara howa menzili

Meşhur amerikan «Wherever Family» žurnalynyň maglumatlaryna görä, Stambul Halkara howa menzili maşgala dynç alyşy üçin dünýädäki iň gowy howa menzilidir. Howa menziline degişli baýragyň berilmegi hyzmatyn hiliniň ýokary derejededigi bilen düşündirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews