«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

31 Maý, 2023

Täze Prezident

Nigeriýanyň täze Prezidenti Bola Tibununyň wezipesine girişmegi bilen baglanyşykly dabara geçirildi. Täze Prezident öň ýurduň iň gür ilatly Lagos ştatynyň gubernatory bolupdy. Tinubu wezipä geçende ýurduň ykdysadyýetini ösdürjekdigini we milli howpsuzlygyny ýokarlandyrjakdygyny söz beripdir.

Mask Hytaýda

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili Hytaýa daşary ýurt işewürleriniň sapar bilen gelmegine hemişe şatdygyny beýan etdi. Habar beriş serişdelerinde «Twitter», «SpaceX» we «Tesla» ýaly kompaniýalaryň eýesi Ilon Maskyň Hytaýa barandygyny we saparynyň dowamynda işewürlik gepleşiklerini geçirjekdigi hem-de «Teslanyň» Şanhaýdaky zawodyna barjakdygy nygtalýar.

Ýa Ýa ýurduna dolandy

Ýa Ýa atly panda ýurduna — Hytaýa dolandy. Ol, ilki, Şanhaý şäherinde karantin çärelerinden geçipdir. Onuň ýoly durnukly geçirendigi we saglyk ýagdaýynyň kanagatlanardygy bellenýär. Hytaý pandalaryny diplomatiýada giňden peýdalanýar. Pandalar ýurduň dostlugynyň nyşany bolup, kadaly gatnaşyklary aňladýar. Bu panda hem ABŞ-da şu wezipäni ýerine ýetiripdir. Pandanyň 2000-nji ýylda doglandygy bellenýär.

Işsizleriň sany artýar

Sarp edijilige esaslanýan ýapon ykdysadyýeti durnukly ýagdaýyny saklamagy başarýar. Maglumatlara görä, Ýaponiýada işsizleriň görkezijisi 2,8 göterimden 2,6 göterime çenli peseler. Hünärmenler çaklamalarynda bu görkezijiniň 2,7 göterime deň boljakdygyny bellediler. Ýaponiýanyň 65 ýaşdan geçen raýatlarynyň sany hem azalýar. Häzir gartaşan adamlaryň sany 40,79 million adama deň boldy.

2-nji iýunda kasam kabul eder

Türkiýäniň Parlamentiniň täze düzüminiň 28-nji ýygnagy anna güni kasam kabul eder. Entek täze saýlanan Prezidentiň — Rejep Taýyp Ärdoganyň haçan kasam kabul etjekdigi belli däl. Emma onuň deputatlar bilen bir günde kasam kabul etmejegi nygtalýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews