«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

12 Mart, 2023

Täze Premýer-ministr

HHR-iň kanun çykaryjy edarasy Li Sýany ýurduň Premýer-ministri wezipesine belledi. Ol sesleriň 2936 sanysyny almagy başardy. Şeýle-de 3 sesiň Li Sýana garşy berlendigi we 8 deputatyň ses bermekden saklanandygy nygtalýar. Ol ýurda üçünji möhlete ýolbaşçy saýlanan Si Szinpiniň iň ýakyn ýaranlarynyň biri hasaplanýar.

ABŞ-nyň iri banky batdy

ABŞ-nyň göwrümi boýunça 16-njy orunda durýan «Silicon Valley Bank» bankynyň batandygy bellenýär. Häzirki wagtda ýurduň iri tehnologik we söwda kompaniýalary banka goýan serişdelerini uly möçberlerde çykarmak bilen meşgullanýarlar. Bu ýagdaý, öz gezeginde, umumy bank ulgamynyň aksiýalarynyň pese düşmegine getirýär. Emma bankyň batmagynyň amerikan ykdysadyýetine uly zyýan ýetirmejekdigi bellenýär. Häzirki wagtda ýurduň Hökümeti bankyň aktiwlerini gözegçilikde saklaýar.

«Twittere» meňzeş sosial ulgamy döretmegi meýilleşdirýär

ABŞ-nyň iri tehnologiýa kompaniýasy «Meta» täze sosial ulgamy döretmegi meýilleşdirýär. Onuň «Twitter» ulgamyna meňzeş bolmagyna garaşylýar. «Instagram» we «Facebook» ýaly messenjerlere eýeçilik edýän «Metanyň» täze sosial ulgamynyň esasy bäsdeşi «Twitter» bolar. Ýatlatsak, ol geçen ýyl işewür Ilon Mask tarapyndan 44 milliard amerikan dollaryna satyn alnypdy.

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine bolan çaklama üýtgedildi

«Fitch» iri seljeriş kompaniýasy dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depginine bolan çaklamasyny üýtgetdi. Dekabr aýynyň hasabatyna görä, dünýä ykdysadyýetiniň ýyllyk ösüş derejesiniň 1,4 göterim bolmagyna garaşylýardy. Emma soňky syýasy we ykdysady üýtgeşmelere görä, (Hytaýda pandemiýa çäklendirmeleriniň ýatyrylmagy, dünýä söwdasynyň berkemegi) çaklama 2 göterime çenli ýokarlandyryldy. Şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň hereketlendirijisi hasaplanýan Hytaý ykdysadyýetiniň 5,2 göterim, ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň 1 göterim we ÝB-niň ykdysadyýetiniň 0,8 göterim ösmegine garaşylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews