«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

7 Aprel, 2023

Şwesiýanyň goşuljakdygyna ynanýar

NATO guramasynyň ýolbaşçysy Ýens Stoltenberg Şwesiýanyň gurama goşuljakdygyna ynam bildirdi. Onuň pikiriçe, Wengriýa we Türkiýe ýakyn wagtlarda ýurduň NATO goşulmagyna razylyk berip biler. Ýakynda Finlandiýanyň NATO-nyň 31-nji agzasy bolandygyny ýatlatmak gerek.

Tähran we Er-Riýad hyzmatdaşlygyny giňelder

Eýran Yslam Respublikasy we Saud Arabystany birek-birekde ilçihana açmak boýunça ylalaşdylar. Şeýle-de özara awiauçuşlary amala aşyrmak boýunça gepleşikler geçirildi. Iki ýurduň Daşary işler ministleriniň duşuşmagy sebitde durnuklylygyň ornaşmagyna mümkinçiligiň döredejdigine ynamy artdyrýar.

Girdejisini artdyrdy

Italýanyň awtomobil tekerlerini öndürýän «Pirelli» kompaniýasy 2022-nji ýylda arassa girdejisini 35,5 göterime — 435,9 million ýewro çenli ýokarlandyrypdyr. 2021-nji ýylda bolsa kompaniýa 321,6 million ýewro gazanypdy. Degişlilikde kompaniýanyň eýelerine degişli tölegleri ýokarlandyrmak we umumy maýa goýumyny köpeltmek meýilleşdirilýär.

Ýylyň ösüşini üpjün etjek döwletler

Halkara pul gaznasy üstümizdäki ýylda dünýäniň ykdysady ösüşini üpjün etjek esasy döwletleri aýan etdi. Guramanyň maglumatlaryna görä, şu ýylda dünýäniň ykdysady ösüşiniň esasy bölegini Hytaý bilen Hindistan üpjün eder. Dünýä ykdysadyýetiniň bolsa umumylykda 3 göterim ösmegine garaşylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews